Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 22-nji madda)
(Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 382-V we 13.03.2021 ý. № 339-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Ata-babalarymyzyň milli däplerini özünde jemleýän Türkmenistanyň Milli kasamy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň halkynyň wepadarlygyny hem mertligini görkezýär.
Şu Kanun Türkmenistanda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwletine, döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolan Türkmenistanyň Prezidentine kasam etmegiň düzgünlerini belleýär hem-de Türkmenistanyň Milli kasamyny ulanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.
1-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamyny şu mazmunda tassyklamaly:
Eziz Türkmenistan – ata Watanym,
Gurban bolsun saňa bu janym-tenim!
Eger-de men saňa sähelçe şek ýetirsem,
goý, meniň elim gurasyn!
Eger-de men saňa dil ýetirsem,
goý, meniň dilim gurasyn!
Eger-de men Türkmenistan Watanyma,
Türkmenistanyň Prezidentine
Dönüklik etsem,
Goý, meniň ömrüm kül bolsun!
2-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär:
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlarynda;
welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlarynda;
jemgyýetçilik birleşikleriniň gurultaýlarynda;
döwlet gullukçylary wezipä bellenende;
Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri wezipä bellenilende Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde;
Orta, hünärment, orta hünärmen, ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň we hünärmenleriň gutardyş dabaralarynda;
Harby kasamy kabul etmek dabarasynda.
3-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamyny ýerine ýetirmegiň beýleki ýagdaýlary, şeýle hem ony ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
4-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamynyň sarpasyna dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüni alyp barmak) arkaly we islendik beýleki görnüşde şek ýetirilmegine, şeýle hem ol baradaky hormatlamazlyga ýol berilmeýär.
5-nji madda. Şu Kanunyň talaplaryny bozan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
6-njy madda. Türkmenistanyň Milli kasamynyň şu Kanunda beýan edilen talaplarynyň berjaý edilmegine we takyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat şäheri.
2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-si.
№ 97-III.
This work is in the public domain in the U.S. because it is an edict of a government, local or foreign. See § 313.6(C)(2) of the Compendium of U.S. Copyright Office Practices, 3rd ed. 2014 (Compendium (Third)) . Such documents include "legislative enactments, judicial decisions, administrative rulings, public ordinances, or similar types of official legal materials."
These do not include works first published by the United Nations or any of its specialized agencies, or by the Organization of American States. See Compendium (Third) § 313.6(C)(2) and 17 U.S.C. § 104(b)(5). A non-American governmental edict may still be copyrighted outside the U.S. Similarly, the above U.S. Copyright Office Practice does not prevent U.S. states or localities from holding copyright abroad, depending on foreign copyright laws and regulations. | |
|